Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmak, elektron senagaty döretmek we maglumat-
aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýetikemala getirmek sanly özgertmeleriň bütindünýä derejesinde we ýokary tizlik bilen
ýaraýan döwründe gaýragoýulmasyz meseledir.
Türkmenistanda öndürilýän milli önümleriň we hyzmatlaryň ýurdumyzda wedaşary ýurt bazarlarynda tanalmagynyň we olara bolan isleginiň dowamly artmagy möhüm ornuna eýedir.
Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy, Türkmenistanyň önümçilikpotensiýalyny dünýäde ýüzünde tanalmagynda, mahabatlandyrmakda we şeýle hem
Türkmenistana maýa goýum çekmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işleriň bir näçesinde öz goşantlaryny goşmak bilen, dürli ýerli we halkara edara-kärhanalara
we şeýle hem telekeçiler bilen bagly iş ýüzünde durmuşa geçirip toplan tejribesiesasynda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek, telekeçilere, edara-
kärhanalara we ilata edilýän hyzmatlary elýeterligini artdyrmak we ýeňilleşdirmekmaksady bilen döwrüň talabyna laýyklykda hyzmatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek
we artdyrmak üçin Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sanly platformalarykämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak maksatly “Toplum” atly onlaýn söwda we
hyzmatlar ulgamyny döretdi.
“Toplum” onlaýn söwda we hyzmat ulgamy doly güýjünde işlemegi netijesindeýurdumyzyň miili önümçilik we hyzmat sektorynyň potensiýalyny dünýä ýüzüne
görkezmek we tanatmak, olary dünýäniň öňde baryjy onlaýn söwda we hyzmatlarplatfotmalary bolan “Ebay”, “Alibaba”, “Amazon” we “Ozon” ýaly sanly
platformalarda ornaşdyrmak, mahabatlandyrmak we dünýäde maýa goýujylaryňýurudumzyň milli önümlerine we hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak
mümkin bolar. Bu bolsa öz gezeginde daşary söwda dolanyşygynyň has-daartdyrmagyna, daşary ýurt maýa goýumlaryň mukdarynyň köpelmegine intergi berer.
Şeýle hem “Toplum” onlaýn söwda we hyzmat ulgamy ýurdumyzyňraýatlarymyzyň milli önümlerimiziň tanalmagyna we oňa bolan islegiň artmagyna,
netijede bolsa içerki bazarynyň geriminiň has-da giňelmegine, hiliniň we sanynyň artmagyna elter.
Türkmenistanyň Söwda senagat edarasyna ýa-da islendik degişli edaralara“Toplum” onlaýn söwda we hyzmat ulgamynyň düzüminde bolan ýörite “monitoring
merkezinde” maglumatlara baý bolan interaktiw hasabatlar we şeýle hem sanlygurallar elýeter bolup, islendik görkezijiler esasynda ýurdumyzyň hyzmatlaryna we
önümlerine daşary ýurtdaky we ýurdumyzdaky bolan isleglerini we olaryň baradaýagdaýlaryny has-da netijeli gözegçilik etmäge we işi gurnamaga mümkinçilik döreder.
Bu aýratynlygy görmek üçin ulgama girmeli
Bu salgy bu sanawdan aýrylar