Türkmen gelin-gyzlarynyň edebi dünýä nusgalykdyr

13 görlen 21.02.2026
...

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zenan mertebesini belent tutup, olaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da berkemegine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşa giňden gatnaşmagy üçin ähli şertler döredilýär, olaryň döredijilik mümkinçilikleri goldanylýar hem-de zähmet çekmekleri üçin amatly mümkinçilikler üpjün edilýär. Zenanlaryň hukuklaryny goramak, olaryň abraý-mertebesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem-de Ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan Edaranyň zenan işgärleriniň arasynda "Türkmen gelin-gyzlarynyň edebi dünýä nusgalykdyr" atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýokary ahlak gymmatlyklary, olaryň maşgala mukaddesligini gorap saklamakdaky hem-de ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatlary barada giňişleýin durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramy, salyhatlylygy we zähmetsöýerliligi milli aýratynlygymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, jemgyýetimiziň ruhy binýadyny berkidýär.

Şeýle hem häzirki döwrüň türkmen zenanynyň diňe bir ojagyň ýylylygyny saklaýjy däl, eýsem ykdysady ösüşlere mynasyp goşant goşýan, işjeň we döredijilikli şahsyýet hökmünde çykyş edýändigi barada pikirler beýan edildi. Bu bolsa milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap ösüş bilen sazlaşykly utgaşýandygyny görkezýär.

Wagyz-nesihat çäresi täsirli çykyşlar, işjeň pikir alyşmalar bilen dowam edip, açyk söhbetdeşlik ýagdaýynda jemlenildi. Gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň zenanlaryň arasynda agzybirligi pugtalandyrmaga hem-de milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesle ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Harytlar
Düşekçe toplumy ADT
Ýokary hilli düşekçe toplumy ADT
Ýokary hilli çalgyç Türkmenistanda öndürildi
Ýokary hilli çalgyç Türkmenistanda öndürildi
Ýokary