Türkmen – kuweýt işewürler duşuşygy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açylýar

118 görlen 17.02.2026
...

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşygy iki ýurduň hyzmatdaşlygyny täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Şol ýokary derejeli duşuşygynyň amaly dowamyny üpjün etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürler duşuşygy geçirildi.

Söwda dolanşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, energetika, senagat, gurluşyk we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Harytlar
Düşekçe toplumy ADT
Ýokary hilli düşekçe toplumy ADT
Ýokary hilli çalgyç Türkmenistanda öndürildi
Ýokary hilli çalgyç Türkmenistanda öndürildi
Ýokary