2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Italiýanyň "IDOGI" kompaniýasynyň vice-prezidenti Silwiýa Formentiniň hem-de italýan arhitektory Serjio Ferrandiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ganaşyklary giňeltmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak hem-de gurluşyk-binagärlik ulgamynda häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar innowasion tehnologiýalara, şähergurluşyk taslamalaryna hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek mümkinçiligini aýratyn bellediler.
Türkmen tarapy ýurdumyzda telekeçiligi goldamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly maýa goýum gurşawyny döretmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi. Myhmanlar bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Gepleşikler işewürlik gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga gönükdirilen netijeli pikir alyşmalar bilen tapawutlandy we Ýewropa ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bu aýratynlygy görmek üçin ulgama girmeli
Bu salgy bu sanawdan aýrylar